Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda, 148-nji çagalar bakja-bagynda “Çaga terbiýesinde ertekileriň orny” atly sesli okaýyş çäresi geçirildi.
Geçirilen sesli okaýyşda ertekileriň çaga terbiýesinde örän uly orun eýeleýändigi we olaryň söz baýlygyny artdyryp, pikirleniş ukybyny ösdürýändigi, gözýetimini giňeldýändigi hakynda gürrüň berdiler. Şeýle hem, türkmen halk ertekileriniň birnäçe görnüşlerinden sesli okap berdiler. Ertekilerdäki gahrymanlaryň çagalarda galdyran täsirleri barada sorag-jogap alyşdylar.
Çäräniň ahyrynda körpeler barada uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.