logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ÇAGA TERBIÝESINDE KITABYŇ ÄHMIÝETI

ÇAGA TERBIÝESINDE KITABYŇ ÄHMIÝETI

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Çaga terbiýesinde kitabyň ähmiýeti» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda körpeje nesillerimiziň okamagy, öwrenmegi, giň dünýä garaýyşly bolmaklary üçin eziz Diýarymyzda ähli şertler döredilen. Biziň hem Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň çagalar okalgasynda körpejeler üçin niýetlenen birnäçe gyzykly türkmen halk ertekileri hem-de daşary ýurt ertekileriniň türkmen dilinde terjime edilen birnäçe eserler ýerleşdirilen. Bu ýerde çagalaryň kitaplary okanlaryndan soň, olary kitap tekjelerine ýerleşdirmegi, olara okaýan kitaplarynyň sanynyň gün-günden artdyrmagyny, höweslendirip durmak hem netijeli bolýar. Şeýle ýagdaýda çagalaryň belli bir wagtdan soň kitap okamaga bolan endigi kämilleşmäge başlaýanlygy, şonuň ýaly-da, kitaplaryň üsti bilen çagalaryň söz baýlygy ep-esli derejede artmaga, dünýägaraýşy giňäp, köp zatlara akyl ýetirip başlaýanlygy barada giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda körpeje nesillerimiziň kitaplary okamaga , öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.