logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÇAGALAR AJAÝYP DIÝARYMYZYŇ GÜL AÇÝAN NOWÇALARY

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Arkadag teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda «Çagalar ajaýyp Diýarymyzyň gül açýan nowçalary» atly aýdym–sazly duşuşyk geçirildi.

«Bagtly çagalygyň ýurdy» hökmünde tanalýan eziz Diýarymyzda körpejelere döwrebap terbiýe berilmegine, olaryň medeniýetli dynç almagyna, wagtlaryny şadyýan geçirmegine aýratyn üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan düýpli özgertmeleri netijesinde, ýurdumyzda ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olary ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ukyp başarnyklaryny açyp görkezmekde şeýle hem kämil nesiller edip ýetişdirmekde uly işler alnyp barylýar. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň çagalar okalgasynda körpeje çagalarymyz wagtlaryny şadyýan geçirmäge ähli mümkünçilikler, şertler döredilip berlen.

Çagalar bu ýerde dürli neşir önümlerini okamaga, öwrenmäge, özleriniň dürli temalara degişli ukyplaryny açyp görkezmäge ähli şertler döredilen.

Çäräniň dowamynda çagalar ajaýyp Diýarymyzy wasp edýän aýdymlary we tanslary ýerine ýetirdiler. Döwrümiziň ýaş nesillerini okamaga, öwrenmegä uly atalyk aladalaryny edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.