logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ÇAGALAR BIZIŇ GELEJEGIMIZDIR

Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesillerimiz üçin örän uly tagallalar edilýär. Olaryň döwrebap derejede bilim almaklary we dynç almaklary üçin Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz uly mümkinçilikler we şertler döredip berýär. Bu günki günlerde hem çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminiň hem-de Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminiň ýaş hünärmenleri tarapyndan «Altyn damja» dynç alyş we sagaldyş merkezinde göçme kitap sergisi gurnaldy hem-de çagalar bilen sorag-jogap alyşyldy. Bu göçme kitap sergisinde türkmen halk döredijiligine degişli birnäçe kitaplar hem-de daşary ýurt dillerindäki ertekiler giňden sergilendi. Bu göçme kitap sergisi çagalarda örän uly gyzyklanma döretdi. Bu söhbetdeşligiň ahyrynda çagalar özlerine döredilip berilýän mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüreklerinden çykýan buýsançly alkyşlaryny beýan etdiler.