logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Çagalar biziň geljegimiz

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitap saklamak bölüminiň işgärleri, Aşgabat şäherinde ýerleşýän 48-nji çagalar bakja - bagynda “Çagalar biziň geljegimizdir, durmuşymyzyň gülleridir” atly körpeleriň arasynda çagalar üçin niýetlenen ertekilerden çeper okaýyş we neşir önümlerinden kitap sergisini gurnadylar.

Kitaphana işgärleri körpelere türkmen halk ertekilerinden birnäçesini okap berdiler we ertekileriň gahrymanlarynyň edermenligi hakynda gyzykly gürrüňleri etdiler. Kitap sergisinde ýerleşdirilen kitaplar körpeleriň ünsüni özüne çekdi. Çärä gatnaşyjylar asuda ýurdumyzda geljegimiz bolan ýaş nesliň ilhalar, ylym-bilimden paýly bolup ýetişmekleri üçin ägirt uly işleri amala aşyrýan, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.