logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÇAGALAR GURJAK TEATRY WE KITAP OKAMAGYŇ ÄHMIÝETI

1991-nji ýyldan bäri Köneürgenç etrap merkezi kitaphanasynyň ýanynda hereket edýän çagalar gurjak teatry tarapyndan ertekili kitaplaryň wakalary esasynda sahnalaşdyrylýan gurjak oýunlarynyň ösüp gelýän ýaş nesliň, entek harpy hem tanamaýan körpejeleriň kalbynda kitaby okamaga bolan höwesi oýarmakdaky ähmiýeti juda uly. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabyndan «Öl agajy döwmegin degmedige degmegin» şonuň ýaly-da «Ýagşylyk et senden ýagşy at galar», «Jüýjeler», «Il saglygy-ýurt baýlygy», «Dur bakaly» hem-de türkmen halk döredijilik eserlerinden taýýarlanan «Leýran» ýaly gurjak oýunlarynyň görkezilmegi körpeler üçin iň bir gyzykly sahna eserlerine öwrüldi. Şular ýaly täsirli gurjak oýunlarynyň ýygy-ýygydan geçirilmegi kitaphana gelýän okyjylaryň sanynyň artmagyna hem ýardam edýär.

Özüne çekiji gurjaklary merkezi kitaphananyň işgärleriniň özleri bejerip, özleri oýnadýarlar. Ýurdumyzyň şanly senelerine bagyşlanyp etrabyň baýramçylyk meýdanlarynda, mekdeplerde, çagalar baglarynda guralýan çäreleriň dowamynda görkezilýän gurjak oýunlar körpe okyjylar tarapyndan uly höwes bilen garşylanýar. Şeýle çäreleriň guralmagy çagalaryň sözleýşiniň ösmegine millilige bolan buýsanjynyň artmagyna dostluk we agzybirlik terbiýesiniň berkidilmegine, iň esasy zat hem kitaba bolan söýginiň artmagyna ýardam edýär.

Annatuwak KAKAÝEWA

Köneürgenç etrap merkezi kitaphanasynyň direktory