Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri “Türkmenistan” teleradio ýaýlymlarynyň döredijilik topary bilen bilelikde häzirki wagtda döwrebap kitaphanalarda okyjylara edilýän ýokary derejedäki hyzmatlar şeýle-de B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň çagalarda okamaklyga bolan endigi kemala getirmekde alyp barýan terbiýeçilik ähmiýetli işleri barada “Çagalar kitaphanasy – bilim ojagy” ady bilen täsirli söhbetdeşlik gurnady. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenimiz çagalar kitaphanasynda sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, has giň okyjylar köpçüligine hyzmat edilişi barada uly buýsanç bilen aýtdy. Şeýle-de “Chagalar kitaphana gov.tm.” salgyly saýdymyzyň mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda kitaphanalarda giň okyjylar köpçüligine döwrebap, ýokary derejede hyzmat etmäge, okyjylaryň isleglerini, talaplaryny doly kanagatlandyrmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.