logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Çagalar öýüň bezegi

Lebap welaýatynyň Çärjew etrap merkezi kitaphanasy etrabyň 13-nji çagalar bagynda ertirlik geçirdiler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil düşünjeli,sagdyn ruhly ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin uly işler amala aşyrylýar. 1-nji iýunda dünýäniň beýleki döwletlerinde boluşy ýaly Türkmenistan döwletimizde hem Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýär. Çagalar biziň geljegimiz, ata-babalarymyzyň “Çaga –ömrüň dowamaty”, “Çaga–gol–ganatyň”, “Çagany ýaşdan edebi başdan”, “Aklyň bahasy bolmaz terbiýäniň-çägi” ýaly parasatly pähimlerinden ugur alyp, ýurdumyzda maşgalany we eneligi goldamaga köp çagalylygy höweslendirmäge döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Mähriban çagalarymyzyň dostlugy, parahatçylygy we bagtyýarlygy wasp edýän şirin owazly aýdymlary, joşgunly sazlary belentden ýaňlanýar, şadyýan gülküleri zemini doldurýar. Çagalar “Türkmen halk ertekileri”, “Akpamyk”,”Akylly Ahmet”, “Ýüz tylla”, “Mämmetjan”, “Ak jeren we owlajygy hakynda rowaýat” “Böwenjik ”- ýaly birnäçe ertekileri söýüp diňleýärler. Durmuşumyzyň gymmaty we parahat geljegimiziň diregi bolan bagtyýar çagalar barada edýän atalyk aladalary üçin, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!