logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Çagalar röwşen geljegimiziň nury

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi Aşgabat şäherinde ýerleşýän 127-nji çagalar bakja-bagynda “Çagalar röwşen geljegimiziň nury” ady bilen körpeleriň arasynda çeper okaýyş we göçme kitap sergisini gurnady. Bu ýerde çagalar üçin niýetlenen ertekilerden labyzly okap berildi we ertekileriň gahrymanlarynyň edermenligi hakynda gürrüň berdiler. Bu bolsa çagalarda kitaba bolan söýgini has-da artdyrdy. Bakja – bagyndaky körpeler okap berlen ertekileri ünsli diňläp özlerinde täsir galdyran gahrymanlary gyzyklanma bilen sorag-jogap alyşdylar. Şeýle-de söhbetdeşligiň çäginde Döwlet kitaphanasynyň gaznasynda bar bolan çagalara degişli kitaplardan göçme kitap sergisi hem gurnaldy.

Gelejegimiz bolan ýaş nesillere ýol-ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy, taryhymyzy öwretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.