Aşgabat şäherinde ýerleşýän Bäşim Nuraly adyndaky çeperçilik mekdebinde çagalar şahyry Hemra Şirowyň neo-poeziýa, ýagny şekilli şygyrlarynyň sergisi gurnaldy. Bu sergä Aşgabat şäheriniň birnäçe kitaphanalaryndan, şeýle hem, Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri gatnaşdylar.
Ýazyjy, şahyr, dramaturg Hemra Şirow türkmen poeziýasynda şekilli şygryýetiň esasyny goýujy, şygryýet äleminiň bu ugruny täze many-mazmun bilen baýlaşdyran çagalar şahyrlarynyň ilkinjisidir. Bu žanryň adaty bolmadyk tebigaty many taýdan şekile düzülýän şygyrdaky ýa-da onuň, başgaça atlandyrylyşy ýaly, belli bir görnüşe eýe bolýan goşgudaky sözleriň ýerleşişi bilen goşgynyň düýp mazmunyny beýan edýän şekiliniň emele getirilmegidir. Şeýle täsirli şekilli şygyrlary mekdep okuwçylary, myhmanlar haýran galmaklyk bilen ellerine alyp, synlap, höwes bilen okap gördüler. Şygyrlar özboluşly täsinlige eýe bolupdyr, gyzykly, çagalar dünýäsi bilen bagly düzülipdir. Serginiň dowamynda şahyr ýaşajyk okyjylar bilen sorag-jogap alyşdy. Halypa şahyr kitaplary köpräk okamagy, diňe kitap bilen dostlaşanyňda köp zady öwrenip boljakdygyny, wagty bisarpa tutmazlygy okuwçylara öwüt-ündew etdi. Geçirilen çärede şahyryň birnäçe tomdan ybarat bolan kitaplaryndan we irki döwürlerde neşir edilen eserlerinden goýlan nusgalar kitap sergisini bezedi we okuwçylarda uly täsir galdyrdy.
Gurnalan çäräniň ahyrynda bagtly çagalaryň iň arzyly arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurduna öwürýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.