logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ÇAGALAR – WATANYMYZYŇ RÖWŞEN GELJEGI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda 70-nji çagalar bagynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli «Çagalar – Watanymyzyň röwşen geljegi» ady bilen çagalar baýramçylygy geçirildi.

Çärede çykyş edenler ýurduň bagtyýarlygy, ertirki günüň aýdyňlygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýan çagalaryň döwlet tarapyndan bimöçber aladalar bilen has jebis gurşalýandygy, olaryň sagdyn ösüp ulalmagy, sowatly ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleriň döredilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräň dowamynda türkmen halk ertekileriniň gahrymanlarynyň sadalyk, dogruçyllyk, edep-ekramlylyk, dost-doganlyk, agzybirlik, ruhubelentlik, halallyk, ýagşylyk, ugurtapyjylyk ýaly sypatlaryň ählisi jemlenendigi hakynda aýratyn belläp geçdiler. Çärede körpeje çagajyklara türkmen halk ertekileriniň birnäçesi barada gürrüň hem berdiler.

Çäräniň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesiller üçin taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.