HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ÝYL DABARALARYNA GATNAŞDY
27-nji dekabrda Asylly däbe görä, şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralan Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy. Bu waka bagtyýar çagalarda aýratyn şatlyk duýgusyny döretdi.
Ak mermerli Aşgabadyň gözel künjekleriniň biri bolan “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde giň möçberli Täze ýyl baýramçylygy geçirildi. Meýdançanyň merkezinde depesi “2026” ýazgyly, sekizburçly ýyldyz bilen bezelen Baş arça diňe bir dabaranyň geçirilýän esasy künjegi bolman, eýsem, türkmen halkynyň mizemez jebisliginiň, abadançylygynyň hem nyşanydyr. Paýtagtymyzdan, Arkadag şäherinden, ähli welaýatlardan gelen ýaşajyk ildeşlerimiz üçin bu gün Aşgabat täsinlikler dünýäsine öwrüldi. Meýdança ýygnanan çagalary şatlyk duýgusy gurşap aldy. Arçany bezeýän oýnawaçlaryň öwüşginleri, dürli reňkli çyralardyr bezegler ýagty geljege ynam döredýän ägirt uly baýramçylygyň buşlukçysy boldy.
Erteki gahrymanlarynyň keşbini janlandyran çagalaryň şatlyk-şowhuny meýdançany açyk asmanyň astyndaky teatr sahnasyna öwürdi. Daş-töweregi gurşap alan, dürli yşyklar bilen bezelen baglar baýramçylyga mahsus jadyly görnüşleri döredýär.
Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Döwlet Baştutanymyzyň bu baýramçylyk çäresine gatnaşmagy ýurdumyzda ýaş nesil barada edilýän aladalaryň aýdyň nyşany bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň awtoulagy dabaranyň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde çagalar döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik we şatlyk duýgusy bilen garşylap, gül desselerini gowşurdylar hem-de hoşallyklaryny beýan etdiler. Körpeleriň ýerine ýetiren goşgulary Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň bagtyýar çagalarynyň çuňňur hoşallygynyň nyşanyna öwrüldi.
Joşgunly aýdym-sazlaryň astynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çagalar bilen bilelikde ajaýyp Täze ýyl arçasynyň ýanyna barýar. Bu ýerde baýramçylygyň baş gahrymanlary bolan Aýaz baba bilen Garpamyk hem-de ýylyň müçeleriniň keşplerini janlandyran körpeler Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Täze ýyl baýramy bilen gutladylar. Aýaz baba çagalar barada edilýän aladalar üçin döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Soňra körpeleriň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Ýaş aýdymçylaryň, çagalar tans toparlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly kompozisiýalary hemmelere Täze ýyl şatlygyny paýlady. Hormatly Prezidentimiz eziz Watanymyzyň geljegi bolan şadyýan çagalaryň çykyşlaryna uly gyzyklanma bilen tomaşa etdi.
«Türkmenistan gazeti