Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda kitaphananyň esaslandyrylmagynyň 90 ýyllyk toýuny belläp geçdi. Bu çäräniň dowamynda «Çagalara hyzmat edýän kitaphanalaryň işini kämilleşdirmek» atly maslahatda edilen çykyşlaryň kitaphana hünärmenlerinde galdyran täsiri dogrusynda «Ýaşlyk» teleýaýlymynda kitaphanada zähmet çekýän birnäçe hünärmenler buýsançly gürrüňleri berdi. Dabaramyzyň hormatly myhmanlary, welaýat kitaphanalarynyň ýolbaşçylary we halypa kitaphanaçylaryň täsirli gürrüňleri tejribe alyşmaklyga aýratyn ýardam etdi. Aýdym-sazly çärämiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar kitap we kitaphana işinde döwür bilen sazlaşykly parasatky işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlygy beýan etdiler.