logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Çagalar – ýurdumyzyň geljegi

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Arkadag şäheriniň 10-njy çagalar bagynyň bilelikde guramagynda “Dünýä syry kitap bilen açylýar” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler, ýurdumyzyň geljegi bolan kör¬pe¬ler¬de go¬wy gy-lyk-hä¬si¬ýet¬le¬riň ke¬ma¬la gel¬me¬gin¬de ki¬tap¬la¬ryň, milli oýun¬la¬ryň ter¬bi¬ýe¬çi¬lik äh¬mi¬ýe-ti örän ulu¬dyr. Ça¬ga¬lar ki¬çi¬li¬gin¬den er¬te¬ki diň¬le¬mä¬ge hö¬wes¬li bol¬ýar¬lar. Ata-ene¬ler, ter¬bi¬ýe¬çi¬ler ça¬ga¬nyň bu is¬le¬gi¬ni na¬zar¬da tu¬tup, oňa ter¬bi¬ýe, öwüt-ün¬dew be¬ri¬ji er¬te-ki¬le¬ri okap ber¬me¬li¬dir. Olar en¬tek köp za¬da dü¬şün¬me¬se-de, er¬te¬ki¬de be¬ýan edil¬ýän wa¬ka¬la¬ry ýa¬dyn¬da sak¬la¬ýar¬lar. Ça¬ga¬lar üçin ki¬tap saý¬la¬nyp al¬nan¬da su¬rat¬lar bi¬len be¬ze¬li¬şi¬niň aý¬ra¬tyn äh¬mi¬ýe¬ti bar. Çünki ça¬ga eli¬ne ki¬tap alan¬da, il¬ki bi¬len, onuň için¬dä¬ki su¬rat¬la¬ra se¬red¬ýär. Şol şe¬kil¬ler ça¬ga¬nyň ün¬sü¬ni özü¬ne çek¬ýär we ki¬ta¬by oka¬ma¬ga bo¬lan gy¬zyk¬lan¬ma¬sy, hö¬we¬si art¬ýar. Ola¬ra oka¬ýan ki¬tap¬la¬ry¬nyň sa¬ny¬nyň gün-gün¬den art¬ýan¬dy¬gy¬ny gör¬ke¬zip, hö¬wes¬len¬di¬rip dur¬ma¬ly. Şun¬da ça¬ga¬la¬ryň bel¬li bir wagt¬dan soň ki¬tap oka¬ma¬ga bo¬lan en¬di¬gi kä¬mil¬leş¬mä¬ge baş¬la¬ýar. Şo¬nuň ýa¬ly-da, ki¬tap¬la¬ryň üs¬ti bi¬len ça¬ga¬nyň söz baý¬ly¬gy art¬ýar, aň-dü¬şün¬je¬si gi¬ňel¬ýär, köp zat¬la¬ra akyl ýe¬tir¬ýär. Esa¬san hem, bi¬li¬miniň, edep-ter¬bi¬ýe¬siniň ýo¬kar¬lan¬ýandygy barada körpe okyjylara giňişleýin gürrüň berdiler.