logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Çagalar ýylgyrsa – zemin ýylgyrýar

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Çeşme” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Çagalar ýylgyrsa – zemin ýylgyrýar” ady bilen medeni çäre geçirildi.

Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe körpe nesillerimiziň tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan geçirmekleri üçin uly aladalaryň edilýändigini, bagtyýar çagalaryň joşgunly sesleri belentden ýaňlanyp, dürli medeni hem-de sport çärelerine gatnaşyp, öz wagtlaryny gyzykly, şatlykly geçirýändikleri barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda kitaplaryň orny örän uly bolup durýandygy, aýratyn hem türkmen halk ertekileriniň gahrymanlarynyň keşpleri çagalarda uly täsir galdyrýandygy hakynda aýtdylar.

Çäräniň ahyrynda durmuşymyzyň guwanjy bolan körpeleriň şatlygy hem-de bagtyýarlygy üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.