Ýaňy ýakynda «Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky çagalar kitaphanasynyň döredilmeginiň 90 ýyllygyna bagyşlanyp «Çagalara hyzmat edýän kitaphanalaryň işini kämilleşdirmek» atly maslahat geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň ähli pudaklaryndan alymlar, sungat we medeniýet işgärleri we welaýat çagalar kitaphanasyndan myhmanlar geldiler. Olar ylym-bilim ýoluna ilkinji gadam basan günlerini talyp döwürleriniň şu kitaphanadan başlandygyny täsirli gürrüň etdiler. Şeýle hem ýaşajyk okyjylarymyz hem bizde myhmançylykda boldular. Hünärmenler çagalaryň öz halaýan ertekili kitaplaryndan, tanymal şahyrlaryň goşgularyndan okap berdiler. Maslahatyň dowamynda kitaplaryň sergisi gurnaldy. Çäräniň soňunda biziň ýaş nesillerimiz üçin döredilip, berilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.