Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda» bellenilen wezipeler boýunça «Çagalara hyzmat edýän kitaphanalaryň işini kämilleşdirmek» ady bilen maslahat, şeýle hem Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyň döredilmeginiň 90 ýyllygy mynasybetli kitaphanada welaýat çagalar kitaphanalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de paýtagtymyzyň mekdep kitaphanaçylarynyň gatnaşmagynda “Çagalara hyzmat edýän kitaphanalaryň işini kämilleşdirmek” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata gatnaşanlar ýaşlaryň kitap okamaga bolan höwesini has-da artdyrmak, olaryň ösen isleglerini, talaplaryny doly ýerine ýetirmek babatda öz kitaphanalarynda alyp barýan işleri barada özara tejribe alyşdylar. Maslahat tamamlanandan soňra Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyň döredilmeginiň 90 ýyllygy mynasybetli çagalar ýazyjylar bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplarynyň hem-de Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň sungat mekdepleriniň ýaşajyk aýdymçy-sazandalarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdym-sazlar ýaňlandy. Dabara ýurdumyzyň tanymal ýazyjy-şahyrlary, sungat ussatlary gutlag sözleri, şygyrlary hem-de aýdym-sazlary bilen dowam etdiler.
Dabaranyň ahyrynda kitaphanaçylara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Şowhunly dabara gatnaşanlaryň ählisi kitaba, kitaphanalara uly hormat goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.