logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÇAGALARA, MAÝYPLYGY BOLAN ADAMLARA, WE PENSIÝA ÝAŞYNA ÝETEN ADAMLARA, BARMASY KYN BOLAN ÝERLERIŇ ÝAŞAÝJYLARYNA GÖÇME KITAPHANA HYZMATY

2025-nji ýylyň iýul aýynyň 04-ne Mary welaýat kitaphanasynyň Sungat bölümçesiniň gurnamagynda 2025-2029-njy ýyllar aralygynda kitaphana ulgamyny kämilleşdirmegiň döwlet Maksatnamasy boýunça çagalara, maýyplygy bolan adamlara, we pensiýa ýaşyna ýeten adamlara, barmasy kyn bolan ýerleriň ýaşaýjylaryna göçme kitaphana hyzmaty yzygiderli ýerine ýetirilýär. Mary şäheriniň Muhadow ýaşaýyş jaý toplumynyň G. Pälwanow köçesiniň 2-jaýynyň ýaşaýjysy Pensioner Guwwaýewa Ogulmarala bu gün göçme kitaphana hyzmaty edildi we Maral gelneje gyzyklanýan edebiýatlar bilen tiz-tizden üstini ýetirip durmagymyzy haýyş etdi, hem özüniň ýürek arzuwyny aýtdy. Şeýle mümkinçilikler döredilýändigi üçin Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaç almagyny arzuw edildi.