logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Çagalary “Ekitap.gov.tm” saýtymyzyň sesli kitaplary bilen tanyşdyrmak

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň “Kitaplary elektron görnüşine geçirmek” bölümi tarapyndan Aşgabat şäheriniň 45-nji çagalar bagynda “Çagalary “Ekitap.gov.tm” saýtymyzyň sesli kitaplary bilen tanyşdyrmak” atly söhbetdeşlik geçirildi. Kitaphanaçylar körpelere türkmen halk ertekileri we ertekileriň baş gahrymanlary bilen tanyşlyk geçirdiler we çagalara ertekileri sesli görnüşinde ykjam telefonuň üsti bilen diňletdiler. Sesli audio kitaplar heniz okap bilmeýän körpelerde dil baýlygyny ösdürýär, olaryň ünsüni jemleýär we ertekileri diňläp öwrenmegine ýardam edýär. Sesli eserleri diňlemek çagalaryň sözleýşini, akyl ýetiriş ukybyny we ruhy taýdan terbiýelenmegini gowulandyrýar. Göçme kitap sergisinde ýerleşdirilen çagalar edebiýatyna degişli birnäçe ertekiler bolsa körpelerde okamaga we diňlemäge uly gyzyklanma döretdi.

Bagtyýar nesillerimizi milli ruhda terbiýelemäge uly mümkinçilikler döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwletli işleri mydama rowaçlyklara beslensin!