logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Çagalary ertekileriň gahrymanlary bilen tanyşdyrmak

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümi Aşgabat şäheriniň 12-nji çagalar bagynda “Çagalary ertekileriň gahrymanlary bilen tanyşdyrmak” atly çeper okaýyş we göçme kitap sergisini geçirdi. Göçme kitap sergisinde çagalar edebiýatyna degişli birnäçe ertekiler, matallar we tapmaçalar ýerleşdirildi. Çagalara birnäçe ertekileri okap berip, gahrymanlary bilen tanyşdyrdylar. Körpelerde birnäçe gahrymanlar bilen tanyş bolmak, türkmen halk ertekilerini okamaga we diňlemäge uly gyzyklanma döretdi. Ösüp gelýän ýaş nesliň dünýägaraýşyny artdyryp biljek we özbaşdak pikirlenip bilmek endigini kämilleşdirmek üçin gowy görýän ertekileri hakynda sorag-jogap alşyldy. Şeýle-de çagalaryň zähmete bolan ukybyny artdyrmaklyk üçin birnäçe bäsleşikler geçirildi, ertekileriň gahrymanlary boýunça suratlar çekildi.

Kitaphana işgärleri bilim ulgamyny ösdürmäge, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesli kemala getirmäge uly ähmiýet berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.