logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«ÇAGALARYMYZYŇ BAGTYÝARLYGY-WATANYMYZYŇ KUWWADY» ATLY KITAP ŞÜWELEŇI

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Mahabat» müdirligi bilen bilelikde, tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde Gökderedäki «Altyn damja» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde wagtyny gyzykly hem-de şadyýan geçirýän çagalaryň arasynda «Çagalarymyzyň bagtyýarlygy Watanymyzyň kuwwady» atly kitap şüweleňi geçirdi. Kitap şüweleňiň dowamynda kitaphana hünärmenimiz çagalaryň iň köp okaýan kitaplary, ertekileri boýunça sorag-jogap alşyldy gyzykly gürrüňler edildi. Şeýle-de dürli görnüşli bäsleşikler hem geçirildi we ýeňiji bolan çagajyklara kitap sowgatlary bilen gutlanyldy. Kitap şüweleňiň ahyrynda oňa gatnaşanlar bagtyýar çagalara ýaş nesilleriň dynç alyş günlerini ýatdan çykmajak wakalar bilen, gyzykly hem-de şadyýan geçmegi üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.