Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň işgärleri muzeýiň hemişelik sergi bölümlerinde görkezilýän dürli gymmatlyklary wagyz etmek bilen çäklenmän, dürli temalar boýunça Aşgabat şäherindäki çagalar baglarynda, orta we ýokary okuw jaýlarynda, çagalaryň dynç alyş merkezlerinde yzygiderli göçme sergiler hem gurnaýarlar.
2026-njy ýylyň 6-njy iýulynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň ylmy işgärleri tarapyndan Gökderede ýerleşýän “Nebitçi” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde “Türkmenistanyň tebigaty we türkmen halkynyň milli gymmatlyklary” atly muzeý eksponatlaryndan ybarat bolan sergi gurnady. Döwlet muzeýiniň ylmy işgärleri çagalara Türkmenistanda duş gelýän birnäçe haýwanlaryň, guşlaryň, süýrenijileriň görnüşleri we olaryň ýaşaýyş aýratynlyklary barada gyzykly gürrüňler berdiler.
Sergide türkmen halkynyň milliligini wasp edýän gadymy haly önümleri görkezildi. Olaryň arasynda torbalar, çuwallar, ikselikler, düýe halyklar we beýleki haly önümleri sergini bezeýär. Serginiň dowamynda gelin-gyzlaryň gadymy lybaslary görkezilýär. Olaryň arasynda düýpli gyňaçlar, keteni köýnekler, ýaşyl kürteler, çyrpylar, şeýle-de halkymyzyň gündelik durmuşynda ulanan esbaplaryny hem görmek bolýar. Çagalar höwes bilen gymmatlyklar baradaky berilýän gürrüňleri diňlediler.
Soňra dynç alýan çagalaryň arasynda guşlar bilen bagly bäsleşik geçirildi we ýeňijilere sowgatlar gowşuryldy. Döwlet muzeýi tarapyndan geçirilen sergi çagalarda uly täsir galdyrdy.