logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÇAGALARYŇ BAGTYÝARLYGY - DÖWLETIŇ ABATLYGY

Güneşli Diýarymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly «Bütindünýä çagalary goramagyň Halkara güni» mynasybetli geçirilýän çäreler ülkämiziň gözel ýerlerinde guralýan täsirli gezelençler, baýramçylyk gününde çagalaryň toý şatlygyny has-da artdyrýar. Şeýle täsirli gezelençleriň biri-de Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenabat şäherinde ýerleşýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Çagalaryň bagtyýarlygy - döwletiň abatlygy» at bilen gurnaldy.

Diýseň täsirli ýatda galyjy pursatlara baý bolan gezelenjiň dowamynda muzeýde ýerleşdirilen taryhy we ülkämiziň gözel ýerlerini suratlandyrýan muzeý gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşdylar. Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde gurnalan täsirli hem-de gyzykly pursatlara baý bolan gezelenjiň dowamynda olar ýurdumyzy bagtyýar çagalaryň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza baýramçylyk günlerinde ýüreklerinden joşup çykýan arzuwlaryny, buýsançly sagbolsunlaryny joşgunly beýan etdiler.