logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Çagalaryň bagtyýarlygy – döwletiň abatlygy

Ýurdumyzda tomusky dynç alyş möwsüminde ösüp gelýän ýaş nesliň kadaly dynç almaklary, wagtlaryny peýdaly geçirmekleri, dürli ugurlar boýunça zehinlerini ýüze çykarmaklary üçin dürli şertler döredilen sagaldyş we dynç alyş merkezleri hereket edýär. Türkmenabat şäherinde ýerleşýän “Bagtyýarlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde çagalaryň arasynda “Çagalaryň bagtyýarlygy – döwletiň abatlygy” atly sport medeni çäresi geçirildi. Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçylary bu medeni çäräniň dowamynda kitap sergisini gurap, çagalara gyzykly kitaplary okap, sorag-jogap alyşdylar we olaryň arasynda çeper okaýyş boýunça bäsleşik geçirdiler. Dynç alyş merkeziniň körpeleri özleriniň şeýle ajaýyp durmuşda ýaşaýandyklaryna buýsanyp, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza goşgularyň üsti bilen özleriniň hoşallyk sözlerini beýan etdiler.