Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Gökderedäki “Altyn sümmül” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň bilelikde gurnamagynda «Çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr» ady bilen “Altyn sümmül” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa, gyzyklanma eýe bolan döwlet syýasatymyzda ýaş nesliň bagtyýarlygy, eziz Watanymyzyň egsilmez kuwwaty hasaplanýandygy, röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimiziň akyl, beden we ruhy taýdan kadaly ösüşini üpjün etmek, yhlasly okamaklary, döredijilik işleri, sport bilen meşgullanmaklary, şol sanda dynç alyş möwsümlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin hem ähli şertleriň döredilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda bagtyýar nesillerimiz barada uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.