Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda ýaşajyk okyjylary bilen bilelikde Arkaç–söwda dynç alyş merkezinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli “Çagalaryň gülkisi iň ajaýyp senadyr” atly baýramçylyk çäresini geçirdi.
BMG-niň çagalaryň hukuklary we bähbitleri baradaky esasy ýörelgelerine ygrarlydygyny hem-de ýaş nesil barada içgin alada edýändigini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde resmi tertipde 1-nji iýunda ýurdymyz tutuş dünýä bileleşigi bilen bilelikde Çagalary goramagyň halkara günini belleýär. Gelejegimiz bolan ýaş nesillerimiziň beden we aň-bilim, ruhy-ahlak durmuş taýdan hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmek diýarymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Ine şular dogrusynda söhbetdeşligiň dowamynda giňişleýin gürrüňler edildi. Kitaphana hünärmeniniň “Ertekiniň dowamy” atly kitapdan körpeje okyjylara okap beren goşgularyny, ertekilerini gyzyklanma bilen diňlediler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar eziz Watanymyzy çagalaryň iň arzyly arzuwlarynyň hasyl bolýan mekanyna öwürýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.