logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÇAGALARYŇ GÜLKISI, ÇAGALAŇ SESI

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri ýakynda, 1-nji iýun, Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlap «Çagalaryň gülkisi, çagalaň sesi» ady bilen «TW4 Türkmenistan» teleýaýlymynyň gatnaşmagynda baýramçylyk duşuşygyny geçirdi.

Duşuşygyň başynda kitaphanamyzyň hünärmenleri çagalara her ýylyň Iýun aýynyň 1-ne bagtly çagalygyň we arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara gününiň dabaraly ýagdaýda bellenilmegi çagalaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň hem-de goramagyň, ösüp gelýän ýaş nesliň ähli babatda mynasyp durmuşy üçin örän amatly şertleri döretmegiň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygy barada täsirli gürrüňler berdiler. Bagtyýar çagajyklar ajaýyp çagalygy, asuda Watanymyzy wasp edýän goşgulary uly höwes bilen aýdyp berdiler. Şeýle-de gurnalan kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.

Baýramçylyk duşuşygynyň ahyrynda taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň şahsyýet taýdan kemala gelmegi we ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaklary üçin ähli zerur şertleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.