logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÇAGALARYŇ GÜLKISI, DÜNÝÄNIŇ PARAHATLYGY

Ahal welaýat kitaphanasynyň Hyzmat etmek bölüminiň gurnamagynda Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 20-nji çagalar bakja-bagynda «Çagalaryň gülkisi, dünýäniň parahatlygy» atly çeper okaýyş geçirildi.

Bu günki günde ýaşlar döwrebap bilimleri özleşdirip, jemgyýetimize we Watanymyza peýdaly adamlar bolup ýetişýärler. Şunda milli terbiýäniň, asylly ýörelgäniň ähmiýeti uludyr. Ýaş nesli terbiýelemekde, bilim öwretmekde bilim edaralary bilen bir hatarda kitaphanalaryň uly ornunyň bardygyny bellemek gerek. Çagalar baglarynda maksatlaýyn işler üstünlikli alnyp barylýar. Çagalar baglarynda berilýän terbiýe berk binýat bolup hyzmat edýär, bu terbiýe çaganyň aňynda berk ornaşýar. Şonuň üçin hem çagalar bagyndan başlap, çaganyň öwrenmek höwesini döretmek bilim işgärleri bilen kitaphanaçylaryň we terbiýeçileriň baş maksady bolup durýar. Olar ertekili kitaplary körpelere görkezýärler, şeýle hem ertekileri gyzykly we many-mazmunly gürrüň berýärler. Bu çagada irki ýaşdan ertekili kitaplara bolan gyzyklanmasyny döredip başlaýar. Çünki kitaphanaçylar çagalara ertekili kitaplary okap bermeli, kitap bilen dostlaşdyrmaly. Şunda üns bermeli zatlaryň biri hem, çaga üçin okap berilýän ertekiler onuň ýaşyna laýyk gelmelidir, onuň dünýä garaýşyny ösdürmelidir. Bu çaganyň irki ösüşine, kitaby okamaga bolan höwesine oňat täsir edýär. Çagalaryň irki ösüşinde kitap okap bermek, ertekileri gürrüň bermek ýaly ýörelgeleri berk berjaý etmek zerurdyr, çünki asylly terbiýe çaganyň irki ýaşynda, irki ösüşinde berk binýat bolmalydyr. Şeýlelikde, ol çaga kitap okamaga, milli ruhda terbiýelenmäge, watansöýüji şahsyýet bolup kemala gelmäge giň mümkinçilik alýar.