logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÇAGALARYŇ GÜLKÜSI IŇ AJAÝYP SENADYR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öý-ojagy alaýaz edýän näzlije çagalar biziň bagtyýar durmuşymyzyň görki, maşgala binýadynyň görki hasaplanýar. Her ýyly ýurdumyzda dabaraly bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Lebap welaýat çagalar kitaphanasynyň gurnamagynda Türkmenabat şäheriniň 59-njy çagalar bagynyň usulçylary bilen bilelikde körpe çagalaryň gatnaşmaklarynda baýramçylyk agşamy geçirildi.

Baýramçylyk dabaranyň dowamynda çagalar üçin türkmen halk ertekilerinden düzülen göçme kitap sergileri we gülküli gurjak sahnalary görkezilip, halk döredijiliginden tapmaçalar, goşgular ýerine ýetirildi. Baýramçylyk dabarasy körpe çagalaryň tanslary, aýdymdyr-sazlary bilen utgaşyp gitdi.

Dabaranyň ahyrynda halkymyzyň bagtyýar çagajyklarymyzyň eşretli durmuşynyň dowamatyny dowamata öwürýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.