Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni-köpçülik işleri bölüminiň işgärleri tarapyndan Aşgabat şäherinde ýerleşýän Daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 28-nji çagalar bakja-bagynda “Çagalaryň gülküsi iň ajaýyp senadyr” atly körpeleriň arasynda söhbetdeşlik gurnaldy. Çagalar bagynda terbiýelenýän çagalaryň kitap okamak endigini has-da ösdürmek maksady bilen, ertekileriň gahrymanlaryndan sowal-jogap alşylyp, birnäçe goşgular okaldy. Çagalara öý haýwanlarynyň atlaryny, olaryň ses aýratynlyklaryny öwretdiler. Şeýle hem, körpeleriň wagtyny hoş geçirmekleri üçin birnäçe peýdaly oýunlar gurnaldy.
Kitaphana işgärleri ýaş nesliň ylym-bilimli bolup ýetişmekleri üçin ägirt uly işleri amala aşyrýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.