logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÇAGALARYŇ GÜLKÜSI IŇ AJAÝYP SENADYR

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda «Aşgabat» seýilgähinde ýaşajyk okyjylarynyň gatnaşmagynda «Aşgabat» teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde «Çagalaryň gülküsi iň ajaýyp senadyr» atly söhbetdeşlik geçirdi. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesilleriň sagdyn, berk bedenli, ylymly-bilimli kämil nesil bolup kemala gelmeklerinde alynyp barylýan ajaýyp işler dogrusunda buýsançly gürrüňler edildi. Ýaşajyk okyjylarymyz hem galkynyşly, özgerişli zamanamyzy wasp edýän goşgulary ýatdan, labyzly ýerine ýetirdiler. Baky Bitaraplygymyzyň giňden toýlanylýan 30 ýyllyk şanly toýyna kitaphanamyzda meýilnamalaýyn ýerine ýetirilýän işler barada hem söhbet edildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesillerimiziň baky bagtyýarlygyny üpjün etmeklikde durmuşa geçirilýän uly tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlary beýan etdiler.