logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÇAGALARYŇ GÜLKÜSI IŇ AJAÝYP SENADYR

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi “Çagalaryň gülküsi iň ajaýyp senadyr” ady bilen göçme kitap sergisini gurnady.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi tomus paslynda çagalara ýatdan çykmajak günleri bagyş edýän Gökderedäki “Şöhle” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Çagalaryň gülküsi iň ajaýyp senadyr” ady bilen göçme kitap sergisini gurnady. Serginiň dowamynda wagtlaryny şadyýan geçirýän çagalar bilen gyzykly sorag-jogap alşyldy. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan bu göçme kitap sergisi ösüp gelýän ýaş nesilleriň kitaba bolan islegleriniň has-da artmagyna uly täsir etdi.

Çäräniň dowamynda ýaş nesliň bagtyýar durmuşy barada taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.