logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«ÇAGALARYŇ GÜLKÜSI GURŞAP ÇARÝANY–ÝURDUM BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY» ATLY SÖHBETDEŞLIK

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri paýtagtymyzyň 76-njy orta mekdebinde bilim alýan okuwçylar bilen 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýen şygar bilen atlandyrylmagy mynasybetli “Çagalaryň gülküsi gurşap çarýany–ata ýurdum bedew batly at-myradyň mekany” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ýylymyzyň şygary, türkmen bedewleriniň ýyndamlygy, wepadarlygy barada gyzykly gürrüňler edildi. Zehinlije okuwçylar bedew batly at-myradyň mekany bolan eziz ýurdumyzy wasp edýän goşgudyr, aýdymlary aýdyp berdiler, owadan suratlary çekdiler. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi okuwçylarda aýratyn täsir galdyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda bedew batly at-myradyň mekany bolan güneşli diýarymyzy çagalaryň iň arzyly isleg-arzuwlarynyň hasyl bolýan mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.