Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenbaşy dokma toplumynyň ilkinji Ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Çagalaryň hoş owazy – durmuşymyzyň bagt sazy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede Gökderedäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini gyzykly geçirmekleri we ýatda galyjy pursatlara beslenmegi üçin dürli görnüşli medeni-köpçülik çäreleriň, ýagny, sesli we çeper okaýyşlaryň hem-de sportuň küşt we şaşka görnüşleri boýunça bäsleşikleriň geçirilýändigi barada belläp geçdiler. Şeýle-de halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan “Türkmen halk ertekileri” kitabyndaky ertekileriň gahrymanlarynda gören ajaýyp keşpleri, sadalygy, göwrüminiň gysgalygy we suratlar bilen bezelişi çagalar üçin has-da täsirli bolup, olarda ýagşy gylyk-häsiýetleri kämilleşdirmekde ähmiýetiniň örän uludygy hakynda aýdyp berdiler.
Çäräniň dowamynda Türkmen halk ertekilerinden gurnalan kitap sergi bilen hem tanyşdyryldy. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.