Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda 146-njy çagalar bagynda «Çagalaryň hoş owazy – durmuşyň bagt sazy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Çagalary goramagyň halkara güni ýokary ruhubelentlikde baýram edilip bellenilýändigi, muňa Gahryman Arkadagymyzyň: “Çagalara aýratyn üns bermek, olara söýgi bilen garamak asyrlaryň dowamynda türkmen halkynyň kämilleşip gelen ruhy gymmatlygydyr” diýen parasatly sözleri, körpeler baradaky aladalaryň aýdyň subutnamasy bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de ýurdumyzda çagalaryň abadan, parahat, asuda bolelin durmuşda ýaşamaklary, her bir çaganyň döwletiň hemmetaraplaýyn goldawyndan we goragyndan peýdalanmagy, döwrümiziň talabyna görä bilim-terbiýe almaklary üçin uly işler amala aşyrylýandygy dogrusynda beýan etdiler.
Çäräniň ahyrynda Watanymyzda körpeje nesillerimiziň şadyýan gülküsiniň ýaňlanyp durmagy, olaryň ylymly-bilimli ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlyk sözlerini aýtdylar.