logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Çagalaryň oýun bäsleşigi

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde, “Demirýolçy” çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde “Matallar, tapmaçalar, ýaňyltmaçlar” aýtmakda çagalaryň arasynda oýun bäsleşigini geçirdi.

Ýaş nesiller özleriniň okan ertekileriniň gahrymanlaryny ussatlyk bilen suratlandyrdylar. Bäsleşikde guwandyryjy netijeleri gazanan çagalar wagtlaryny gyzykly, şadyýan geçirip, sapaly günleri başdan geçirýändiklerini buýsanç bilen gürrüň berdiler. Kitap okamaklygyň peýdasy we boş wagtlaryňda gyzykly kitaplary okamaklygyň çagalaryň aňyna ýetirýän täsirleri barada kitaphana hünärmeni täsirli gürrüňleri berdi. Şeýle hem, gurnalan kitap sergisi çagalarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň sagdyn ösmegi, şadyýan dynç almagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.