Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Nesil” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Çagalaryň şatlygy–köňülleriň buýsanjy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede Türkmenistan Watanymyz bagtyýar çagalygyň mekanydygyny, körpe nesilleriň saglygy, olaryň döwrebap derejede dynç almagy, okap-öwrenmegi barada döwletimizde ähli şertleriň döredilýändigi hakynda çykyş etdiler. Şeýle-de türkmen halk ertekileriniň üsti bilen dogruçyllygyň, paýhasyň hem edermenligiň dabaralanmasy, halallyk, ynsaplylyk, ynsan güýjüne daýanmak ýaly asylly sypatlaryň beýan edilýändigini çagalara gürrüň berildiler we öwüt-ündew etdiler.
Çäräniň ahyrynda ýurdumyzda bagtyýar çagalaryň şadyýan dynç almagy üçin ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.