logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÇAGALARYŇ ŞATLYGY–DÜNÝÄŇ PARAHATLYGY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Altyn ýyldyz” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň bilelikde guramagynda “Çagalaryň şatlygy–dünýäň parahatlygy” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi we göçme kitap sergisi gurnaldy.

Çärede çykyş edenler häzirki wagtda körpeje nesillerimiziň tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde, salkyn saýaly Gökdere jülgesinde paýtagtymyzdan hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan dynç almaga gelen çagalaryň wagtlaryny gyzykly hem-de many-mazmunly geçirýändikleri barada gürrüň berdiler. Şeýle-de çagalary gurnalan göçme kitap sergisi bilen tanyşdyryldy we sergide ýerleşdirilen kitaplar esasynda sorag-jogap alyşdylar. Bu bolsa çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy.

Çäräniň ahyrynda tebigatyň sapaly hem şypaly künjeklerinde şadyýanlykda dynç alýan çagalara, ýaş nesiller hakda ähli taraplaýyn mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.