logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÇAGALARYŇ SÖÝGÜLI ERTEKILERI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 95-nji çagalar bagynda «Çagalaryň söýgüli ertekileri» ady bilen çeper okaýyş geçirildi.

Geçirilen çeper okaýyşda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda halk döredijiligi ýaş nesillerimiziň arasynda giňden ýaýbaňlandyrylyp, türkmen halk ertekilerinde beýan edilýän wakalar çagalar üçin örän gyzykly we özüne çekiji bolup, ýaş nesillerimizde Watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, gahrymançylyk, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp gylyk-häsiýetleri terbiýelemekde ertekiler gymmatly hazyna bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de körpeje nesillere birnäçe gyzykly ertekilerden çeper okap berdiler we gahrymanlaryň özlerinde galdyran täsiri hakynda sowal-jogap alyşdylar.

Çäräniň ahyrynda çagalaryň bagtyýar geljegi üçin atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.