logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Çagalaryň söýgüli ertekileri

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Arzuw şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda 86-njy çagalar bagynda «Çagalaryň söýgüli ertekileri» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde halkymyz gadymy döwürlerden bäri öz perzentlerini ertekileriň, rowaýatlaryň, hekaýalaryň üsti bilen terbiýeläp gelýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halk ertekileriniň çagalary watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk, pähim-paýhas, mertlik ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýetiniň ulydygy barada beýan etdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda, geljegimiz bolan çagalar hakynda atalyk aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.