Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda 23-nji çagalar bagynda «Çagalaryň söýgüli ertekileri» atly kitap sergisi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda erkana ýaýnaýan bagtyýar çagalaryň mähir, söýgi, üns – alada bilen gurşalýandygy, geljegimiziň aýdyň, röwşen bolmagy üçin ýaş nesiller hakyndaky aladanyň şu günüň esasy wezipesi bolup durýandygy hakynda giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda türkmen halk ertekilerinden çagalar bilen sorag-jogaplar alyşdylar, halk döredijiliginiň iň meşhur ýörgünli görnüşi bolan ertekilerden bölekleri okap berdiler. Ata-babalarymyzyň paýhasy siňen, asyrlaryň dowamynda kämilleşip, nesilleriň edep mekdebine öwrülen ertekileriň ýaşlary milli ruhy gymmatlyklar esasynda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedigi barada belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda bagtyýar nesillerimiziň geljegi ugrunda uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.