logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ÇAGALARYŇ SÖÝGÜLI ŞAHYRY

Çagalaryň ýüreklerinde yz galdyran çaga ýürekli şahyr Kaýum Taňrygulyýewiň 95 ýyl ýubileýi mynasybetli Lebap welaýat çagalar kitaphanasynyň gurnamagynda Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly drama teatrynda welaýatyň döredijilik işgärleri bilen duşuşyk agşamy geçirildi we bu mynasybetli kitaphana gaznasyndan «Çaga ýüreginiň owazy» atly göçme sergisi hem-de Lebap welaýat çagalar kitaphanasynda körpeje çagalarymyz üçin wagtlaýyn sergileri gurnaldy.

Dünýäniň çagalar edebiýatynda G.H.Andersen adyndaky Halkara baýragynyň merkezi Aziýa boýunça ýeketäk eýesi şahyr Kaýum Taňrygulyýewiň ömür beýany hakynda gatnaşan şahyrlar, habarçylar we welaýatymyzyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet Mugallymçylyk Institutynyň Dil we edebiýat kafedrasynyň mugallymlarynyň beren gyzykly gürrüňleri gurnalan göçme sergileri gatnaşan talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda medeniýete sungata uly sarpa goýýan, dünýäde parahatçylyk taglymatyny dabaralandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.