logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

«ÇAGALARYŇ SÖÝGÜLI ŞAHYRY» ATLY TÜRKMENISTANYŇ HALK ÝAZYJYSY KAÝUM TAŇRYGULYÝEWIŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 95 ÝYLLYGYNA BAGYŞLAP GEÇIRILEN EDEBI SAZLY ERTIRLIK

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy, ýaňy- ýakynda «Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän №74-nji orta mekdebiň okuwçylary bilen bilelikde «Çagalaryň söýgüli şahyry» atly Türkmenistanyň Halk ýazyjysy Kaýum Taňrygulyýewiň doglan gününiň 95 ýyllygyna bagyşlap edebi sazly ertirlik geçirildi. Edebi sazly ertirlige Türkmenistanyň «Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm müdiri Süleýman Ilamanow, hem-de şahyryň ogly «Diýar» žurnalynyň foto habarçysy Ahmet Taňtygulyýew, gyzy Maýa Taňrygulyýewa gatnaşdylar. Myhmanlar şahyr Kaýum Taňrygulyýew hakynda gyzykly we täsirli gürrüňler edip berdiler. Mekdep okuwçylary şahyryň pasyllara degişli goşgularyny, birnäçe matallar, ýaňlytmaç häsiýetli goşgularyny labyzly edip aýdyp berdiler. Hünärmenler şahyryň kitaplaryndan sergi gurnadylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda bütin adamzadyň ykbaly, ýagty geljegi hakynda alada edýän beýik başlangyçlary, ýurt hem dünýä ähmiýetli beýik işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan ediler.