logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ÇAGALARYŇ SÖÝGÜLI TOMUS PASLY

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Arkadag teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda «Altyn ýyldyz» sagaldyş dynç alyş merkezinde «Çagalaryň söýgüli tomus pasly» atly duşuşyk, gürrüňdeşligi geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň röwşen geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesillerimiz barada edilýän giň gerimli aladalaryň çuňňur many-mazmuny bardyr.

Diýarymyzda döredilýän ýaşaýyş-durmuş şertleri, ilki bilen, biziñ geljegimiz bolan çagalaryñ, ýaş nesliñ bagtyýarlygyna gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyñ, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň irginsiz tagallasy netijesinde biziñ ýurdumyz bagtly çagalygyñ mekanyna öwrüldi. Şeýle mümkinçilikleriň biri hem tomus möwsüminde çagalaryň dynç alyş wagtlaryny gyzykly hem täsirli geçirmek maksady bilen ýurdumyzda birnäçe çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri döredildi. Bu günki gün hem Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň agzybir kitaphanaçylary hem «Altyn ýyldyz» sagaldyş dynç alyş merkezinde wagtlaryny şadyýan geçirýän bagtyýar çagalaryň arasynda göçme kitap sergileri bilen duşuşyklary, gürrüňdeşlikleri geçirdiler. Bu ýerde kitaphanaçylar çagalara çuň manyly eserleri okap berdiler. Şeýle-de bu ýerde gurnalan kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesliň bagtyýarlygy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.