logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Çagalaryň sözleýşini kämilleşdirmekde edebiýatyň orny

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny guramak we maglumatlar bilen alyşmak bölümi we Aşgabat şäheriniň 84-nji çagalar bakja-bagynyň çagalary bilen “Çagalaryň sözleýşini kämilleşdirmekde edebiýatyň orny” atly çeper okaýyş geçirildi.

Çeper okaýyş çäresinde çagalara Türkmen hak ertekileri okap berildi. Türkmen halk ertekileriniň terbiýeçilik ähmiýeti, çagalaryň kitap bilen ir ýaşdan dostlaşmagyny gazanmak barada pikir alyşmalar geçirildi. Çeper okaýyş çäresi ýaş nesilleriň her birinde kitaba bolan söýgi döretdi. Kitap körpeleriň sözleýişini kämilleşdirmekde möhüm orun eýeläp, ulyny sylamak, kiçini söýmek ýaly milli häsiýetlerde terbiýelemäge uly ähmiýet berýär. Şeýle-de çagalara, kitap okan çaganyň - jemgyýetde öz ornuny tapmagy, kämil şahsyýet bolup ýetişmegi üçin ýol ýörelgedigi hakynda maslahatlar berildi. Çärä gatnaşanlar bagtyýar çagalarymyzy milli ruhda terbiýelemäge uly mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.