logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«ÇALSANA, BAGŞY!» ATLY DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Dutarçylyk sungatynda parahatçylyk söýüji halkymyzyň durmuş pelsepesi, ruhy gymmatlyklary öz beýanyny tapýar. Halk bagşylarynyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän bu sungaty ähli döwürlerde aýratyn hormat-sarpa mynasyp bolupdyr. Häzirki wagtda türkmen dutarynyň şirin owazy berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň, hemişelik Bitaraplygynyň waspy, parahatçylyk söýüjiligiň, hoşniýetliligiň we dost-doganlygyň mukamy bolup ýaňlanýar. Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr.

Döredijilik bäsleşigine 18-35 ýaş aralygyndaky ýerine ýetirijileriň gatnaşmagy ýurdumyzda ýaşlar baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridiginiň güwäsidir. Onuň jemleýji tapgyryna Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, ýurdumyzyň welaýatlaryndan deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan bagşylaryň 14-si, dutarçy sazandalaryň hem 14-si gatnaşdy. Ilki bilen, dutarçy sazandalaryň çykyşlaryna orun berildi. Çalnan halk sazlarynda halkymyzyň milliligi, durmuş pelsepesi, ruhy dünýäsi öz beýanyny tapdy. Dutarçy sazandalaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan dünýäniň dürli halklarynyň sazlary, şol sanda nusgawy sazlar çärä özboluşly öwüşgin çaýdy. Bäsleşige gatnaşyjylaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Çalsana, bagşy!» aýdymy dabaranyň iň şowhunly pursatlarynyň birine öwrüldi.

Soňra ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Dabara gatnaşanlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýeňiji bolan bagşylaryň hem-de dutarçy sazandalaryň 14-siniň atlary yglan edildi we olaryň her biri ýörite diplom hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy. Şeýle hem «Çalsana, bagşy!» bäsleşigine gatnaşanlaryň ählisine hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.