20-nji awgustda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça başyny başlan asylly işleri häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olaryň ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şunda türkmen halkynyň milli bagşyçylyk we saz sungatyny ösdürmek, ýaş bagşy-sazandalary höweslendirmek maksady bilen, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň möhüm ähmiýetini bellemek gerek.
Dutarçylyk sungatynda parahatçylyk söýüji halkymyzyň durmuş pelsepesi, ruhy gymmatlyklary öz beýanyny tapýar. Halk bagşylarynyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän bu sungaty ähli döwürlerde aýratyn hormat-sarpa mynasyp bolupdyr. Häzirki wagtda türkmen dutarynyň şirin owazy berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň, hemişelik Bitaraplygynyň waspy, parahatçylyk söýüjiligiň, hoşniýetliligiň we dost-doganlygyň mukamy bolup ýaňlanýar. Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr.
...Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Gutlagda bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen birlikde, medeniýet ulgamy hem uly ösüşlere eýe bolýar. Medeniýet ulgamynyň kämilleşdirilmegi halkymyzyň döredijilik kuwwatyny artdyrmaga, jemgyýetimizde watansöýüjilik, agzybirlik, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrmaga uly ýardam berýär. Ýurdumyzyň medeniýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, täze medeni maksatly binalary gurmak, milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy ösdürmek, döredijilik işgärlerini höweslendirmek babatda iri möçberli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň köp asyrlaryň dowamynda kemala getiren milli bagşyçylyk sungatyny kämilleşdirmäge, täze aýdym-sazlar bilen baýlaşdyrmaga, il içinden sungata höwesli ýaş bagşy-sazandalary ýüze çykarmaga döwletimiz tarapyndan uly üns berilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşigi hem geljekde aýdym-saz sungatyny has-da ösdürmäge ukyply nesilleri ýüze çykarmakda, olary höweslendirmekde özboluşly ähmiýete eýedir.
«Türkmenistan gazeti»