logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÇALSANA, BAGŞY!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça başyny başlan asylly işleri häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olaryň ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek üçin ähli zerur şertler döredilýär. Her ýyl geçirilýän bu bäsleşik «Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirildi. Bäsleşigiň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi, gaznahanasynda saklanylýan sungat eserlerinden düzülen ajaýyp göçme sergisini gurady. Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşleri Ý.Adamowanyň «Birinji sentýabr», Ý.Annanurowyň «Öz Watanymyň gyzy», A.Amangeldyýew «Lukman Saçly Dursunowyň portreti» atly ajaýyp eserleri tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Milli medeniýetimiziň ösdürilmegi ugrunda yzygiderli alada edýän döwlet Baştutanymyzyň jany sag, tutumly işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin!