logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

CAREC Maksatnamasynyň Syýahatçylyk ugry boýunça mejlisi geçirildi

Aziýa Ösüş Bankynyň «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» Maksatnamasynyň Sekretariaty tarapyndan 2026-njy ýylyň 9-11-nji sentýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde Syýahatçylyk ugry boýunça iş toparynyň 1-nji mejlisi geçirildi. Iş toparynyň mejlisine CAREC Maksatnamasyna agza ýurtlaryň syýahatçylyk ulgamy boýunça ýorite bellenilen döwlet edarasynyň we syýahatçylyk boýunça hususy ulgamyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Pakistanyň, Mongoliýanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda Aziýa Ösüş Bankynyň «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» Maksatnamasynyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin «Aziýa Ösüş Banky bilen Sebitleýin syýahatçylygy ösdürmek we Maksatnama laýyklykda, 2026-2030-njy ýyllar üçin syýahatçylyk boýunça sebitleýin tehniki kömek bermegiň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. CAREC Maksatnamasynyň Syýahatçylyk ugry boýunça iş toparynyň mejlisinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekili çykyş etdi. Ol çykyşynda Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmäge örän uly mümkinçilikleriň, esasan hem, taryhy we ekosyýahatçylygy ösdürmäge mümkinçilikleriň bardygyny belledi we bu ugurda CAREC Maksatnamasynyň goşandyny nygtady. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan 2026-2030-njy ýyllar üçin syýahatçylyk boýunça sebitleýin tehniki kömek bermegiň taslamasynyň işlenip düzülýändigi bilen baglylykda hem teklipler hödürlenildi.

Syýahatçylyk ugry boýunça iş toparynyň mejlisiniň üçünji güni has-da täsirli geçdi. Mejlise gatnaşyjylar üçin Samarkand şäherindäki Halkara Ýüpek ýoly we medeni miras uniwersitetiniň we BMG-Syýahatçylyk Guramasynyň Syýahatçylyk Akademiýasynyň okuw we iş tejribesi bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem, Samarkand şäheriniň XV we XVII asyrlara degişli bolan gadymy Registan syýahatçylyk desgalaryna gezelenç guraldy.