Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji aprelindäki 167 belgili karary bilen tassyklanan Çeper döredijiligiň halk ussasy hakyndaky Düzgünnama laýyklykda we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýanyndaky Halk çeper döredijiligi boýunça bilermen toparynyň 2025-nji ýylyň 10-njy iýunyndaky geçiren mejlisiniň karary esasynda «Çeper döredijiligiň halk ussasy» diýen ada eýe bolan we «Çeper döredijiligiň halk ussasy» Şahadatnamasy gowşurylan ussalaryň sanawy
1 Täjigül Gurbanowa - Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy - Keçe taýýarlaýjy
2 Aýgözel Täşliýewa - Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Babadaýhan şäheriniň ýaşaýjysy - Keçe taýýarlaýjy
3 Baýmämmet Baýjanow - Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň müdiri - Tüýdük ussasy
4 Atamyrat Hekimow - Daşoguz welaýatynyň çagalar sungat mekdebiniň dutar mugallymy - Dutar-gyjak ussasy
5 Fahritdin Jummiýew, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Farap şäher medeniýet merkeziniň estrada orkestriniň artisti - Deprek ussasy
6 Tylla Atageldiýewa - Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň arassaçylyk bölüminiň entomologynyň kömekçisi - zergär